Eltip Bermek we Kepillik

Hormatly müşderiler, aşakda görkezilen şertler berjaý edilende harydyň satyn alynan gününden kompaniýa sarp edijä aşakda görkezilenleri kepillendirýär:

Satyn alyjy satyn alnan haryt we onuň öndürijisi barada doly, gerekli we dürs maglumaty aldy. Haryt üçin kepillendiriş möhleti harydyň markirowkasynda görkezilen seneden dälde, müşderä haryt satylan gününden hasaplanýar. Haryt ulanyş boýunça gollanmada [kepillik talonynda] görkezilen düzgünlerine laýyklykda ulanylmaga degişlidir.

HARYT KEPILLIK ABATLANYŞA AŞAKDA GÖRKEZILEN ÝAGDAÝLARDA DEGIŞLI DÄLDIR:

1. Kepillik talonunyň [hasap-fakturanyň] ýa-da onda satyn alyjynyň golunyň bolmadyk ýagdaýynda;

2. Harydyň ulanyş düzgünleriniň bozulmagy;

3. Önümçilik we hünär maksatlarynda ulanylyşy, öndüriji tarapyndan maslahat berilen ulanyş çäkleriniň daşynda ulanylmagy;

4. Zeperleriň ýa-da özbaşdak geçirilen abatlaýyş işiniň yzlary [islendik açylma], öndürijiniň asyl möhürleriniň [plombalarynyň] zeperlenmesi [zawodda ýasalan şuruplaryň zeperlenmegi];

5. Mehaniki zeperlenmeler bolsa [döwülmeler, uçan ýerler, epilen ýerler, sypjyryklar, çişmeler, ýanmanyň we tüssäniň yzy, üzülen ýa-da ýanan simler]

6. Oturdylan düzüjileriň gysga wagtlaýyn utgaşdyrmasyna getirip biljek, gapdaldan işledilýän enjamlary birikdirmek üçin portlaryň USB, LAN, HDMI, VGA, DVI, PS/2 we ş.m.] ýalňyş ulanylyşy bilen emele gelen bozulmalar; 

7. Gaýra zatlaryň [berkidijileriň we beýleki gaýra zatlar] mör-möjekleriň, suwuklyklaryň içine düşmesi, yzlar [suw, kofe, çaý, kola we ş.m.] ýa-da tozanyň ýa-da hapanyň has köp düşmesi bilen bagly bozulmalar;

8. Himiki, elektrohimiki, elektrostatiki zeperlenmeleriň bolmagy. Üpjün ediji, kommunikasiýa, kabel torlarynyň döwlet standartlaryna laýyk gelmezligi bilen bagly zeperlenmeler; 

9. Harydyň programma-abzal bölegi bilen dogry däl işleýiş [täzeden proşiwka Flash-Bios, draýwerleriň dogry däl gurnalyşy, WINDOWS ulgamy satyn alnanda sazlamalardan soň özbaşdak üýtgedilmegi];

KEPILLIK AŞAKDA GÖRKEZILENLERE DEGIŞLI DÄLDIR:

1. Bu haryt bilen işleýän başga enjama ýetirilen zeperlenme;

2. Sarp ediş materiallaryna [çap ediş kellejikleri, reňkleýji lentalar, kartrijler, disketler, üpjün ediş kabeli, güýç bilen üpjün ediş enjamlary, batareýalar] şol sanda taýýar haryt toplumynda bolan zatlar, satyn alynan gününden başlap 14 günüň dowamynda zawod tarapyndan goýberilen zeperlenme ýüze çykan ýagdaýynda çalşylyp bilinerler;

3. 3 sany işlemeýän pikseller bolan ýagdaýynda [monitor, sk telewizor];

4. Gurnalan programma üpjünçiligine  [WINDOWS, draýwerler, antiwirus] onuň gurnalyşy aýry töleg boýunça ýerine ýetiriler, onuň bahasy barada öňünden duýdurylar;

Kepillik abatlanyş işi  7 [ÝEDI] iş günüň dowamynda ýerine ýetirip, onuň dowamynda zeperlenmäni ýüze çykarmak üçin anyklaýyş işi we zeperi aradan aýyrmak boýunça işler geçiriler,  anyklaýyş işi geçirilende jedelli zeperlenmeler ýüze çykan ýagdaýynda, abatlaýyş işi 14 [on dört] iş güne çenli uzaldylyp biliner, abatlanyş işini geçirmek mümkinçiligi bolmasa, aşakda görkezilen düzgünler berjaý edilen şertinde haryt çalşylar:

 *Harydyň resminamalarynda görkezilen doly toplum [gabyň asyl nusgasy, diskler, resminamalar, üpjün ediş kabeller, üpjün ediş bloklar we ş.m.] we gaplama materialy;

* Eger-de satyn alynan harydyň bitewiligi berjaý edilip, sypjyryksyz we degişli görnüşinde bolsa, eger-de harydyň toplumy bozulan ýagdaýynda [draýwerler, resminamalar, birikdiriji kabeller, bekedijiler ýa-da asyl gaby bolmadyk ýagdaýynda] ABATLAÝYŞ IŞI geçiriler.

Kompaniýa satyn alynan enjamlaryň ulanylyşy ýa-da ulanmak mümkinçiligi bolmazlygy bilen bagly islendik zeperlenme [maglumatyň ýitmegi, işewür işjeňligiň bes edilmegi, işewür maglumatyň ýitmegi, ýa-da beýleki pul ýitmeleri] üçin jogapkärçilik çekmeýär.

[Hormatly müşderiler maglumatlaryň ýitmeginiň öňüni almak üçin ähli maglumatlaryň nusgasyny almagyňyzy Sizden haýyş edýäris]

arrow_upward