HARYT KEPILLIK ABATLANYŞA AŞAKDA GÖRKEZILEN ÝAGDAÝLARDA DEGIŞLI DÄLDIR:
• Kepillik talonunyň [hasap-fakturanyň] ýa-da onda satyn alyjynyň golunyň bolmadyk ýagdaýynda;
• Harydyň ulanyş düzgünleriniň bozulmagy;
• Önümçilik we hünär maksatlarynda ulanylmagy, öndüriji tarapyndan maslahat berilen ulanyş çäkleriniň daşynda ulanylmagy;
• Zeperleriň ýa-da özbaşdak geçirilen abatlaýyş işiniň yzlary [islendik açylma], öndürijiniň asyl möhürleriniň [plombalarynyň] zeperlenmesi [zawodda ýasalan şuruplaryň zeperlenmegi];
• Mehaniki zeperlenmeler bolsa [döwülmeler, uçan ýerler, epilen ýerler, sypjyryklar, çişmeler, ýanmanyň we tüssäniň yzy, üzülen ýa-da ýanan simler]
• Oturdylan düzüjileriň gysga wagtlaýyn utgaşdyrmasyna getirip biljek, gapdaldan işledilýän enjamlary birikdirmek üçin portlaryň USB, LAN, HDMI, VGA, DVI, PS/2 we ş.m.] ýalňyş ulanylyşy bilen emele gelen bozulmalar;
• Gaýra zatlaryň [berkidijileriň we beýleki gaýra zatlar] mör-möjekleriň, suwuklyklaryň içine düşmesi, yzlar [suw, kofe, çaý, kola we ş.m.] ýa-da tozanyň ýa-da hapanyň has köp düşmesi bilen bagly bozulmalar;
• Himiki, elektrohimiki, elektrostatiki zeperlenmeleriň bolmagy. Üpjün ediji, kommunikasiýa, kabel torlarynyň döwlet standartlaryna laýyk gelmezligi bilen bagly zeperlenmeler;
• Harytlary ulanmak, saklamak ýa-da daşamak kadalary alyjy tarapyndan bozulmagy.
Kepillik müşderiniň öýünde gurnama işlerini, oturdylmagyny, sazlanylmagyny, elektrik üpjünçiliginiň çalşyrylmagyny öz içine almaýar.
KEPILLIK AŞAKDA GÖRKEZILENLERE DEGIŞLI DÄLDIR:
• Distansion dolandyryş pultlary, akkumulýator batareýlary, elektrik we tok üpjünçiligi, daşarky elektrik bloklary we harytlaryň ähli görnüşleri üçin zarýad enjamlary;
• Birikdiriji kabeller, telefon garniturlary (“hands free”), antennalar, nauşnikler, mikrofonlar, dürli görnüşdäki maglumatlary göterijiler (CD, DVD – diskler, programma üpjünçilikli we draýwerler bilen üpjünçilikli diskler we ş.m.);
• Daşlyklar, çekiler, sumkalar, önüme goşulýan resminamalar;
• Süzüjiler, yslary sorujylar, çyralar, tekjeler, çelekler, podstawkalar we önümleri sowadyjyda saklamak üçin beýleki gaplar;
• Tarelkalar, werteller, gözenekler, tabaklar we mikrotolkunly peçler üçin podstawkalar;
• Şlanglar, trubkalar, çotgalar, nasadkalar, tozan ýygnaýjylar, tozan sorujylar üçin süzgüçler;
• Geýim ýuwujy we gap-gaç ýuwujy maşynlar üçin suwy bermek / dökmek üçin süzüjiler, şlanglar;
• Kondisioner üçin süzüjiler;
• Harydyň daşary bezeg bölekleri:
• Kartrijler we sarp edilýän materiallar (syýalar, suwuklyklar, ys berijiler, kartrij toplumyna degişli şaýlar).
Kepillik abatlanyş işi 7 [ýedi] iş günüň dowamynda ýerine ýetirip, onuň dowamynda zeperlenmäni ýüze çykarmak üçin anyklaýyş işi we zeperi aradan aýyrmak boýunça işler geçiriler, anyklaýyş işi geçirilende jedelli zeperlenmeler ýüze çykan ýagdaýynda, abatlaýyş işi 14 [on dört] iş güne çenli uzaldylyp biliner, abatlanyş işini geçirmek mümkinçiligi bolmasa, aşakda görkezilen düzgünler berjaý edilen şertinde haryt çalşylar:
* Harydyň resminamalarynda görkezilen doly toplum [gabyň asyl nusgasy, diskler, resminamalar, üpjün ediş kabeller, üpjün ediş bloklar we ş.m.] we gaplama materialy;
* Eger-de satyn alynan harydyň bitewiligi berjaý edilip, sypjyryksyz we degişli görnüşinde bolsa, eger-de harydyň toplumy bozulan ýagdaýynda [draýwerler, resminamalar, birikdiriji kabeller, bekedijiler ýa-da asyl gaby bolmadyk ýagdaýynda] ABATLAÝYŞ IŞI geçiriler.
Satyn alynan enjamlaryň ulanylyşy ýa-da ulanmak mümkinçiligi bolmazlygy bilen bagly islendik zeperlenme [maglumatyň ýitmegi, işewür işjeňligiň bes edilmegi, işewür maglumatyň ýitmegi, ýa-da beýleki pul ýitmeleri] üçin jogapkärçilik çekmeýär.